“El hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde” atly hünär basleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň  merkezi Geňeşiniň,  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň  we Türkmenistanyň Telewediniýe, radiogepleşikler
we Kinematografiýa baradaky  döwlet
komitetiniň bielikde guramaklarynda Türkmenistanyň orta hünär okuw
mekdepleriniň talyp gyzlarynyň  arasynda   “El
hünäriň ýörelge, ulus-ile görelde” atly hünär bäsleşigi yglan edildi. 



Bu bäsleşigiň maksady- Berkerar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe,  Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere
barýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we
olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünäre
ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmeniň
milli  mirasyny, milli el işlerini we
senetçilik bilen meşgullanmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we
Gahryman Arkadagymyzyň Pederlerimiziň mizemez ýörelgelerine  sarpa goýmak, her kimiň özüne laýyk hünäriniň
bolmagyny ýaşlara öwüt-ündew edilýär.



Bäsleşigiň I tapgyry    2023-nji ýylyň 8-nji aprelinde Balkan welaýat
maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 
hünärleriň arasynda  geçirilip,
bäsleşige mekdebiň hünärleri boýunça   6 sany talyp gyzlar gatnaşdy. Bäsleşigiň I
tapgyrynda mekdebiň “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň I ýyl talyby
Meredowa Güljemile I oruna mynasyp boldy.



Bäsleşigiň II tapgyry Balkan welaýatynyň orta hünär okuw
mekdepleriniň arasynda geçirilip, her bir orta hünär okuw mekdebiniň I
tapgyrynda ýeňiji bolan talyp gyzlar gatnaşdyrlar. Bäsleşik üç sany şert bilen
dowam edip, 1-njiI şerti Talyp gyzlar öz  saýlap alan hünärlerini wasp etdiler.   2-nji
şertinde talyp gyzlar ene-mamalarmyzdan nesilde-nesle geçip, dowam edip gelýän
milli el-işlerini ýerine ýetirip görkezdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertinde
bäsleşige gatnaşyjylar gelin-gyzlara mahsus bolan halk döredijiliginiň şahyrana
eserlerini çeper beýan etdiler.



Bäsleşigiň şertleri boýunça emin agzalara bäsleşige
gatnaşyjylara adalatly baha berip, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň talyby Meredowa Güljemile bu tapgyrda hem I oruna mynasyp boldy
we bäsleşigiň Döwlet tapgyryna ganaşmaga hukuk gazandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40