“Talyp gözeli—2023” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.
2023-nji ýylyň 6-njy martynda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň
Gyzylarbat etrap bileşmesiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Balkan welaýat
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli-2023” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.
Talyp
gözeller bäsleşigiň I şerti boýunça, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda”
türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata,
döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek
bilen öz ussatlygyny açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde
“Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň üçünji şerti
boýunça “Hünärim bar- hormatym bar” ady
bilen bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we
ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gyzlara hormat hatlary
we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.