Hormatly Prezidentimiziň Zenanlar üçin pul sowgady dabaraly gowşuryldy.

        Ýakynda
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, edaralarda we kärhanalarda
zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we
çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara pul sylaglaryny gowşurmak
hakyndaky Buýruga gol çekdi
.

Zenan
dunýäniň bezegi bolşy ýaly bizin döwletimiziň hem gelşigi bolan gyz-gelinleriň
aladasy döwlet tarapyndan ýokary derejede alnyp barylýar. Munuň aýdyň
subutnamasy höküminde her ýyl däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul
sowgady döwlet derejesinde gowşurylýar. Baharyň ilkinji günlerinde döwletimiziň
dürli künjeklerinde Hormatly Prezidentimiziň pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy
dowam  edýär.    Şonuň bilen bir hatarda biziň Balkan
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimiziň talyp  gelin-gyzlaryna, zenan mugallymlaryna we
zenan işgärlerine hem
Hormatly Prezidentimiziň pul  sowgatlaryny
gowşurylyş dabarasy geçirildi. Mekdebimiziň
zenanlarynyň, bu gün Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize
bolan alkyş sözleri çäksizdir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Arkadagymyzyň janlarynyň sag,
başlarynyň belent, il-ýurt
bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan belent işleriniň elmydama rowaçlyklara
beslenmegini
 çyn ýürekden arzuw edýäris.





Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40