Ýaşlar- Watanymyzyň aýdyň geljegi
halkyň we döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, şanly wakalar bolup
geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň Täze
ýyla gadam basmagydyr. Täze-2023-nji ýyl
Türkmenistan döwletimiz bilen bir hatarda
älem-jahana dolup geldi. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyz
gülleýär, gül açýar! Bu günki gün, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ata Watanymyzda eşretiň we bagtyýarlygyň hözürini görüp ýaşaýan
türkmen öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi boldy. Ol öz berkarar döwletiniň
saýasynda bagtly ömür sürýär. Bu bagtdan paýly bolan, ykbaly galkynan türkmen
ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlary
çäksizdir. Watan üçin amala
aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn
öwüşgin çaýýar. Häzirki ýaşlar, ertir
ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr. Mälim bolşy
ýaly, ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly
döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen
baglylykda, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara
alyp, ýylyň şygarynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan
edilmegi we täze ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy , ähli türkmen
ýaşlaryny 2023-nji ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly
sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna
ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş
nesilleriň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, watançylyk, ynsanperwerlik,
zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň ýurdumyzy gülletmek üçin goşjak
goşantlaryny güýçlendirmek, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek
maksady bilen yglan edilen bu ajaýyp ýylymyz, ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly” ýaş nesillerimizi diýseň
begendirdi we buýsandyrdy. Şu ajaýyp ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagyndan ruhlanan,
bagtly ýaşlarynyň kalby, eziz
Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna
bolan buýsançdan doly.
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
okuw bölüminiň hünärmeni D.Çeperalyýewa