Terjime: dilleriň dili
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Köňülleri birleşdirýän sungat” atly döredijilik bäsleşigine hödürlenýär.
Gün-günden täze sepgitlere gadam basýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň Dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Şunda ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, olaryň gazananlaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine uly üns berilýär. Her bir hünär öwrenmek, ony kämillik derejesine ýetirmek üçin şol ugur boýunça halypalaryň maslahaty alynýar.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda, biz talyp ýaşlara öwrenmäge, dürli çeşmelerden peýdalanyp, okyjylyk ruhumyzy baýlaşdyrmaga, dünýägaraýşymyzy giňeltmäge, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmaga ähli şertler döredilen.
“Terjime sungaty: dilleriň dili” diýip hasaplanýar. Bu sungatyň özboluşly çylşyrymly tilsimleri bar. Şu tilsimlere eýe bolmak üçin ussat terjimeçileriň, dilşynaslaryň tejriberlerinden, ugur-ýollaryndan hem peýdalanmaly, gadymdan gelýän taryha we terjime sungaty barada öz düşünjelerini beýan eden ýazyjylaryň döredijiliklerine çuňňur nazar salmaly.
Terjimeçilik: her bir sözüň özenine hem-de asyl manysynda ýatan terjimesine üns berilmesidir. Terjime edilýän ýazgy diliň ýa-da tekstiň manysyny ýitirýänligini aňlatmaýar. Sebäbi köplenç terjime edilende ýeke bir sözüň özi ullakan many aňladýan bolup biler. Şol sebäpli her söze çuňňur üns bermeli. Awtoryň näme diýmek isleýändigini, şol sözüň üsti bilen okyjylara ýetirmek isleýän zadynyň manysyna terjimeçiniň hut özi örän çuňňur düşünmeli bolýar. Terjimeçi ilki bilen terjime edilýän we terjime ediljek diliň grammatiki kada-kanunlaryna edebi taýdan ussat bolmaly. Ol dilleriň gurluşlaryny we ähli inçeliklerini bilmeli. Galyberse-de terjime edilýän ýazgynyň içgin many mazmunyny hem göz öňünde tutmaly.
Ilkinji terjimeçi hasaplanylýan biziň eramyzyň 348-420-nji ýyllarynda ýaşan Hieronymus, terjime sungaty barada öz ýazgylarynda iki esasy usul barada belläp geçýär. Olaryň birinjisi “verbum e verbu” ýagny, “sözme söz” ikinjisi bolsa “sensum exprimere de sensum” ýagny, ýazgynyň manysyna görä terjime etmek.
Bu iki usul soňraky terjimeçilere ýol görkezýär. Sözme söz terjime edip many çykyryp bolmadyk ýagdaýynda, esasan hem goşgy, poema ýaly çylşyrymly ýazgylarda ikinji usuly ýagny sözüň ýa-da sözlemiň asyl manysyna eýerip, täzeden goşgy ýazmak bilen terjimeçi şahyrlar goşgydyr poemany ussatlyk bilen terjime edipdirler. 1768-1834-nji ýyllarda ýaşap geçen, terjime sungatyna bilim bilen ýakynlaşan ilkinji ýazyjy German filology Friedrich Schleiermacher, şeýle belläp geçýär: “okyjyny awtora ýetirmek ýa-da awtory okyja tanatmak” diýen iki usul barada öz pikirini beýan edipdir. Terjime etmek bilen ýazyjynyň okyjylara ýetirmek isleýän sözleriniň manysyny, ýagny ýazgynyň düýp özenini okyja ýetirmek bilen, okyjyda asyl ýazgydaky duýgulary oýandyrmaly. Şeýlelik bilen terjimeçi öz terjime edýän ýazgysynda diňe bir sözme söz terjime etmän, eýsem ýazgynyň manysyny, özenini hem okyjylara ýetirmäni başarmaly.
Terjimeçi terjime edýän döwri, terjime sungatynyň dürli içgin tilsimlerine üns bermeli. Her bir diliň üç funksiýasy bardyr. Birinjisi “görkezme” funksiýasy. Ol esasan tanatmak maksatly funksiýadyr.
Ikinjisi “aňlatma”, ýagny ýazyjyny we onuň düşünjesini beýan edýär. Terjime edilende ýazyjynyň öz okyjysyna ýetirmek isleýän tematikasyna üns bermek zerurdur. Her bir ýazyjynyň özüne degişli aýratyn häsiýeti, aýratyn ýazyş ukyplary bolýar. Ol esasan-da ýazyjynyň ýaşap geçen döwri bilen baglanşyklydyr. Onuň durmuşynda başdan geçiren zatlary, Dünýä akyl ýetirişi, pikirleniş aýratynlyklary hem örän täsirlidir.
Üçünjisi “seslenme”. Bu funksiýa okyjylaryň hut özüne bagly bolup durýar. Muňa esasan-da hekaýa, kyssa, roman, poema, goşgy ýaly eserler okyjynyň dünýägaraýşyna göra dürli-dürli duýgulary oýarýar. Her bir söz okyjylarda aýratyn täsir galdyryp biler. Sözüň terjimesine görä okyjy başgaça garap, ýa-da başgaça düşünip biler. Bu funksiýalardan başga-da terjime edilýän wagty ýazgynyň manysyny ýitirmezlik üçin iki derejä hökman üns bermeli. Olar “deňlik” we “ýeterlik” derejelerine laýyk gelmeli. Mysal üçin iňlis dilinde: “To kill two birds with one stone” diýen pähimli sözüni sözme-söz terjime etmegiň ýerine “deňlik” derejesini ulanyp, manydaş ata sözüni ullanmak has-da makul bolýar. Ýagny “Bir okda iki towşan awlamak” diýip terjime edilse tüýs ýerine düşýär. Eger-de “deňlik” derejesini ulanyp bolmadyk ýagdaýda “ýeterlik” derejesini ulanmaly. Bu derejede iki usul bar; birinjisi ýazgynyň maksadyna görä terjime etmeli, ikinjisi okyjylaryň aň derejesine görä terjime etmeli bolýar. Elbetde bu tilsimleri ulanyp üçin terjime etmek üçin terjime ediljek diliň taryhyny, şol dilde gürleýän halkyň medeniýetini, edebiýatyny we hat-da gündelik durmuş bilen baglanşykly däp-dessuryny bilmeli bolýar.
Around the Cornerby: Henson, Towne, Source: UnknownAround the corner I have a friendIn this great city that has no end,Vet the days go by and weeks rush on,And before I know it, a year is goneAnd I never see my old friends face,For life is a swift and terrible race,She knows I like her just as wellAs in the days when I rang her bell.And she rang mine.We were younger then,And now we are busy, tired men.Tired of playing a foolish game,Tired of trying to make a name.“Tomorrow” I say “I will call on Jane”“Just to show that I’m thinking of her”.But tomorrow comes and tomorrow goes,And distance between us grows and grows.Around the corner!-yet miles away,“Here’s a telegram sir-““Jane died today”.And that’s what we get and deserve in the end.Around the corner, a vanished friend.If you love someone, tell them.Remember always to say “what you mean”.Never be afraid to express yourself.Take this opportunity to tell someone what they mean to you.Seize the day and have no regrets.Most importantly, stay close to your friends and family.They have helped to make you the person you are today,What it’s all about anyway. Pass this along to your friends.Let it make a difference in your day and theirs.Gözden yrakdaTerjime eden:Rejepowa KäkilikGözlerden yrakda meniň dostum bar.Ajaýyp hem uly şäher çetinde,Günler çalt geçip dur, hepde howlukýar,Duýman durkam, eýýäm ýyllar geçip dur.Köpden bäri dostum ýüzüň göremok,Durmuş üýtgeýär we haýpy gelenok,Bilýär ol nähili oňat görýänimBir wagtlar köp gapysyn kakýardym.Olam meniň gapymy köp kakardy.Biziň ikimizem ol wagt ýaşdyk,Indi bolsa ýadow, şeýle-de işli.Ýadow, oynamakdan akmak oýuny,Ýadow indi bahanalar tapmakdan.Men diýýärin: “Ertir, Jeyne jaň etjek”“Diňe ýagdaýy hem saglygy hakdapikir edýänimi oňa duýdurjak”Ýöne ertir gelýär we ertir gidýär,Arada araçäk artýar we artýar.Kilometrlarça gözdenem yrak,“Ine telegramma bu size jenap-”“Jeýn ýogaldy şu gün”.Iň soňunda ele alan zadymyz.Gözdenem yrakda ýitdi dostumyz.Eger kimdir birin söýýän bolsaňyz.Olara aýtmagy ýatdan çykarmaň.Duýgyňyzy görkezmekden çekinip,Aýtmak pursadyny elden gidirmäň.Pursady gidirme hem-de okünme.Maşgalaňa, dostlaryňa ýakyn bol,Olar sen şu günki derejäňe hemÝetmegiňe kömek eden adamlar.Galyberse bary, şundan ybarat.Bulary öz dostlaryňa ýetirip,Özüňde, olarda täsin gün döret.
Taýýarlan:
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
II ýyl talyby Rejepowa Käkilik Tagangylyç gyzy.
II ýyl talyby Rejepowa Käkilik Tagangylyç gyzy.