GARAŞSYZLYK ALYP - GALKYNAN DIÝAR



“Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýyly milli senenamamyzda  Watanymyz berkararlygyň, bagtyýarlygyň baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň  31 ýyllygyna uly dabara, belent sepgitler, üstünlikler  bilen barýar. 
Magtymguly atamyzyň :”Berkarar döwlet isläriň..” diýen arzuwy, islegi 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl boldy. Bu gün biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özgerişlere, ösüşlere, Galkynyşa rowana ýollarynda şanly baýramy  uly buýsanç, ruhubelentlik, şatlyk-şowhun  bilen bir saçagyň başynda garşylaýarys. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip ýeten bu mukaddesligi berkararlygyň, azatlygyň, erkinligiň, özygtyýarlylygyň kepilidir. Ine, şonuň üçin hem baýramlaryň naýbaşysy bolan bu baýrama halkymyz aýratyn ähmiýet berýär. Baky buýsanjymyz we guwanjymyz bolan şanly Garaşsyzlyk asudalyga, jebislige gol berip, bir döwlete, bir maksada gulluk edýän merdana halkymyz üçin has-da gymmatlydyr.
Taryh üçin uzak bolmadyk otuz bir ýylyň içinde ýurdumyz taryhy üstünliklere, asyrlara barabar beýik özgertmelere, ösüşlere beslendi. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama eýe bolan garaşsyz Türkmenistan abadançylygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň höküm sürýän mekany hökmünde dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp ornuny tapmagy başardy.
Halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini, hal- ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze maksatnamalaryň yzygiderli kabul edilmegi, durmuş maksatly desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan ýeňişler bu hakykatyň iş ýüzündäki subutnamasydyr. 
Diýarymyzyň parahatçylygyny, durmuş-ykdysady taýdan  ösüşini, halkymyzyň bagtly, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyny  üpjün etmek we bütin dünýäde  parahatçylygy gorap saklamaga  mynasyp goşant goşmakda  durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli  içeri we daşary syýasat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär.  “Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barýan işimiň esasynda durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz  Serdar Berdimuhamedow  şu ýylyň 19-njy martynda wezipä  girişmek dabarasyndaky çykyşynda aýratyn belläp geçdi.
Zähmetsöýer, merdana halkymyzyň röwşen geljegi, ak ertirleri nazarlaýan, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly taglymatyny dünýä ýaýan, halkyň uly hormatyna, belent ynamyna mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyza,  onuň dünýäde ykrar edilen tutumly işlerini  mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza  buýsanjy, guwanjy bimöçberdir.
Goý, berkarar Watanymyzy, halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!
      
                                                                                                 
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär
okuw mekdebiniň mugalymy Arçikow Ýunus.


Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40