1-nji sentýabr bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi.



Eziz Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynyň 1-i uly şatlyk şowhuna  beslenýär. Sebäbi bu günde körpeje çagajyklar bilim ojagyna ilkinji ädimleri bilen gadam basýarlar. Mekdep okuwçylary tomus dynç alyşdan soňra täze okuw ýylynyň ilkinji sapaklaryna başlaýarlar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde  täze okuwa kabul edilen talyplar  talyplyk  buýsançlary  bilen  dabaraly  çärä gatnaşýarlar. 
2022-2023-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabr güni ähli Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem daň säher bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilip geçildi.  Bu dabaraly pursatda okuwa kabul edilen 1-nji ýyl talyplar öz ýürek buýsançlary bilen çykyş edip çäräni has-da dabaralandyrdylar. 
Dabaranyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlag sözi bilen tanyşdyryldy. 
Baýramçylyk çäresi tamamlanandan soňra talyp ýaşlar “Halkyň Arkadagly zamany” ady bilen ilkinji okuw sapagyna başladylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40