The role of women in the transformation of the Motherland.
Taryhy nukdaýnazardan uzak bolmadyk döwrüň içinde Türkmenistan ýokary depginler bilen öňe barýan durnukly ösüşe eýe bolan döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň özeninde halkyň durmuş hal-ýagdaýy hakdaky ýadawsyz alada goýlandyr. Bu syýasatda esasy üns berilýän meseleleriň biri hem ilatyň iş bilen üpjünçiligidir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziň hut, özüniň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly kitabynda “Iş bilen üpjünçilik ykdysadyýetiň esasy häsiýetnamasy we halkyň abadan ýaşamagynyň baş şertidir” diýip bellemekligi hem ýöne ýerden däldir.
Iş bilen üpjünçilik has hem aýal-gyzlaryň arasynda wajypdyr. Milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde aýal-gyzlaryň orny möhümdir. Türkmen zenanlarymyz diňe bir maşgalabaşy, türkmen ojaklaryny gurujylar hasaplanylman, eýsem olar ýurdumyzyň halk hojalygynda Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has hem belende göterip, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply harytlaryň öndürilmeginde, diýarymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda hem wajyp orna eýedirler.
Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde aýal-gyzlaryň iş bilen meşgullygyna esasan, ykdysadyýetiň zenan işçi güýçlerine bolan islegi we aýal-gyzlaryň özünde işe bolan, jemgyýetçilik önümçiliginde zähmet gatnaşyklaryna we käri saýlamaga bolan isleginiň kesgitlemegi täsir edýär. Türkmenistanda aýal-gyzlar maliýe taýdan durnuklylygy we sosial-syýasy derejäni pugtalanadyrmak maksady bilen jemgyýetçilik-ykdysady işe işjeň gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda esasan hem, ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalyk, senagat, maliýe, medeniýet ulgamlarynda zenan işçi güýçleriniň tutýan orny uludyr.
Şu günki günde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasion esasda ösýän şertlerinde aýal-gyzlaryň iş bilen üpjünçiliginiň gurluşy hem kämilleşýär. Hususy ulgamyň ösmegi bilen goşmaça täze iş orunlarynyň döremegi ilatyň, şol sanda, aýal-gyzlaryň iş bilen üpjünçiligine uly ýardam berýar. Häzirki wagtda aýal-gyzlary ykdysadyýetiň has ösýän ugurlaryna we pudaklaryna çekmek meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Halkyň Arkadagly zamanasynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Dünýa döwletleriniň ykdysady ösüşiniň özgerýänliginden ugur alyp, ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmäge we döwletiň durmuş syýasatynyň esasy maksady bolan raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekligiň nusgasy barha kämilleşdirilýär. Bu bolsa, halkymyzyň, şol sanda aýal-gyzlarymyzyň abadan ýurdumyzda erkin zähmet çekmegine uly ýardam berýär.
Taýýarlan: Amanowa Mähriban BWMYOHOM – niň mugallymy.