Spring has come and happiness has come
Pasyllaryň soltany bahar geldi: “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň bahary geldi.
Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň mekany bolan Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda duýgulary joşdurýan, keýipleri sazlaýan bahar höküm sürüp başlady. Bahar pasly tebigaty janlandyrdy, topraga ýylylyk berdi. Adamlaryň ruhuna ruh goşdy. Bahar pasly eziz, mähriban adamlarymyz bolan käbeleriň, uýalaryň baýramyny alyp geldi.
Adamzat ýaşaýyşynyň gözbaşy bolan eneler, güler ýüzli eneler asudalygyň, bagtyýarlygyň, eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarlar. Eneler şatlansa, älem şatlanýar, eneler gülse, dünýä gülýär. Enelere hemmeler maýyl hemmeler kaýyl hemmeler eneleri söýýärler, arzylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym mukaddeslige tagzym” eseri enäniň hormatyna döredilen ajaýyp sungat eseridir. Bu ajaýyp kitap ene mukaddesligi,ene keramaty,ene söýgisi baradaky mukaddes kitapdyr.
Ak saçly, ak gyňaçly käbe ýaly enelerimiziň mähriban uýalarymyzyň begenjini artdyrýan halkara zenanlar güni eneleriň ýüzi gülýär, ýüregi ýylgyryp nurana keşbi nurlanýar. Ýurt agzybirligini il asudalygyny saklap gelýän Hormatly Prezidentimize alkyş olaryň boluşlaryndan duýlup dur. Olaryň ýylgyrýan ýüzlerinde joşan göwünlerinde Arkadagymyza bolan mähir, söýgi buýsanç bar.Eneleri bagtly eden Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň jany sag başy dik bolsun il ýurt üçin tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem hemişe howaçlyklara beslensin. Men hem şu makalamy Jemal Annakowanyň ýaşasyn ene atly goşgysyndan alnan bentler bilen tamamlamakçy:
Mydam balalaryny ýat edip gezer!Ýoklasa ýüregini, ot edip gezerBoýnuna monjuk däl, umydyn düzerKime perişdedir käbedir kime!
Ýaşasyn ene!Ýaşasyn ene!
Nusgalykdyr, göreldedir öwüdiNepis halyçynyň, waspy ebedi,Arkadagym, beýiklige deňedi!Joşgun berip, bagtyýarlyk döwrüme.
Ýaşasyn ene!Ýaşasyn ene!
Taýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Goçumowa Gülbahar.