Precious legacy of our history
Görnükli alym Feridetdin Attar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýurdumyzyň çägindäki gadymýetde gülläp ösen obalaryň, şäherleriň, taryhy ýadygärlikleriň taryhyny içgin öwrenmek gerek. Bu iş bize durmuş hakykatyny ýüze çykarmak, öwrenmek üçin möhümdir” – diýip “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda belleýär.
Biziň Watanymyzyň her bir künji müňlerçe ýyllyk taryhy öz goýnunda gizläp saklaýar. Taryhymyzy düýpsiz ummana meňzetsek, onda häzirki günlere çenli gelip ýeten käbir taryhy ýadygärliklerimizi şol ummanyň bary-ýogy birnäçe damjasy diýip düşünsek dogry bolar. Diýarymyzyň Balkan welaýatynda şeýle taryhy ýadygärlikleriň, kümmetleriň birnäçesi bar. Mes toprakly Sumbar jülgesiniň ugrunda duş gelýän antik döwürlere degişli gonamçylyklar, zikgeler bu jülgede birwagtlar Änew, Dehistan, Marguş, Goňurdepe, Altyndepe, Nusaý medeniýetiň ösendigine şaýatlyk edýär. Sumbar derýasynyň ýokary akymynda ýerleşýän Könekesir obasyndan çykyp daglara tarap ugranyňda kiçiräk derede Şyh Attar - (Feridetdin Abu Hamid Muhammet ibn Ybraýym) kümmetiniň bardygyny ýurdumyzda bu etrabyň ýaşaýjylaryndan başga bilýän az-az bolsa gerek. Ýerli ýaşaýjylaryň özleri-de bu kümmetde ýatan şahsyýet barada taryhy maglumatlary bilmeýärler diýen ýaly.
Muňa garamazdan ýerli ilat Şyh Attar öwlüýäsiniň üstüne 3 gezek yzly-yzyna zyýarat eden kişä bir gezek Mukaddes Käbä umra zyýaratyna gidip geleniň sogabynyň berilýändigine ýürekden ynanýarlar.
Häzire çenli Şyh Attar kümmetiniň taryhynyň öwrenip, ylmy jemgyýetçiligiň dykgatyna anyk maglumat hödürlän taryhçy alym hem bolmandyr. Geljekde bu ýadygärlik kümmeti türkmen alymlary tarapyndan öwreniler we halka ýetiriler diýen umydymyz bar. Bu taryhy binanyň gurluş aýratynlyklaryndan çen tutsaň onuň takmynan XIII –asyra degişli bolmagy mümkin diýen netijä gelmek bolar.
Eýsem Şyh Attar kim bolupdyr?
Ýerli ilatyň aýtmagyna görä Şyh Attar pähim-paýhasly, dana, il içinde sarpalanýan, ot-çöplerden derman-däri ýasap, dertlileriň derdine dep edýän güýçli tebip we pir bolupdyr.
Käbir berilýän maglumatlarda Şyh Attaryň dünýä inen we aradan çykan ýyllary barada dürli tapawutly maglumatlar duş gelinýändigi bellenilýär. Emma onuň hijri ýyl hasaby boýunça 540-618-nji ýyllaryň aralygynda ýaşap geçendigini çaklamak mümkin. Attaryň kakasynyň ady Ybraýym, köp ýaşan Abu Bekir Ybraýym dermanhana iş bilen meşgullanypdyr, arap dilinde her dürli ot çöpden derman-däri ýasaýan adama “attar” diýipdirler.
Attar Nişapuryň golaýyndaky köne obalaryň biri bolan Ketgende dünýä inipdir.
Ýewgeniý Bertelsiň işinde “Feridetdin Attaryň ömür ýoly barada örän az zat bilýäris. Ol, takmynan 1150-nji ýyllarda “Beýik seljuk” Soltan Sanjaryň zamanynda Nişapurda dünýä inýär. Onuň kakasynyň dermanhanasy bolup, ol hem şol ýerde işläpdir. Dermanhana soňra oňa kakasyndan miras galypdyr. Onuň “Esrarnama” atly poemasynda habar bermegine görä, ol eserlerini dermanhanada ýazypdyr. Ol musulman Gündogary boýunça köp syýahat edipdir, hatda Müsüre we Hindistana hem barypdyr, soňra bolsa dogduk mekany Nişapura dolanypdyr.
Feridetdiniň eserleri bilen tanyş bolanyňda arap dilini oňat bilýänligini, hadys, kelam, fykyh ýaly dini ylymlary öwrenendigi, hikmet, pelsepe, astronomiýa,farmakologiýa ýaly akyl we tejribe bilen bagly ylymlardan hem baş çykarandygy aňlanylýar.
Feridetdin Ataryň aradan çykan ýyly barada-da dürli maglumatlara duş gelinýär. Olaryň käbirlerinde onuň mongollar tarapyndan 1221-nji ýylda, käbirinde 1229-njy ýylda dünýäden ötendigi mälim edilýär. Onuň ölümi bilen bagly bir rowaýatda bir mongol esgerine ýesir düşendigi we onuň lukmandygyny bilip gara başyny satyn almagy teklip edendigi barada aýdylýar. Şyh Attar adam bejerendigi üçin hiç haçan pul almandygyny aýdypdyr. Esger onuň aýdanyna ynanmandyr. Töwerekdäki adamlar şyhyň aýdanynyň dogrudygyny tassyklapdyrlar we öz aralarynda pul ýygnap, ony satyn almak kararyna gelipdirler. Şyh Attar duşmana pul tölemeklige garşy bolýar. “Adamlar men Allatagalanyň beren uzyn ömrüni ýaşadym, indi ömrüm ahyr bolana meňzeýär. Meniň üçin pul töläp garyp düşmäň” - diýýär. Bu sözleriň manysyny aňlap mongol esgeriniň ondan peýda görüp bilmejegine gözi ýetip, elindäki gylyjy bilen şyhyň başyny kesenmiş.
Feridetdin Attaryň jaýlanan ýeri barada aýdanyňda adamlar onuň Magtymguly etrabyna degişli Könekesir obasyndaky kümmediň we şu ýerdäki mazaryň oňa degişlidigine ynanýarlar. Nişapur şäherinde hem onuň adyna kümmet galdyrylypdyr. Biziň pikirimizçe, onuň Könekesirde jaýlanandygy hakdaky, pikiriň dogry bolmagy has ynandyryjy.
Mysal üçin Feridetdin Attaryň 29-ýyl Nişapurda ýaşanyndan soň, Şadybah obasyna göçüp baryp, ömrüniň köp bölegini şol ýerde geçirendigi, ömrüniň ahyrynda-da köpçülikden çete çekilip, diňe ybadata berilendigi hakda maglumat bar. Onuň Könekesirdäki kümmediniň ýerleşýän ýeriniň çolalygy onuň hakykatdan hem, şu ýerde ybadata berlip, ömrüni şu ýerde tamamlanandygyny şaýatlyk edýär.
Attaryň ýazan eserleriniň ählisi bize gelip ýetmändir. Onuň “Mysybatnama”, “Ilahnama”, “Hysrawnama”, “ Muhtarnama” ýaly eserleri ýazandygyny bilýäris. “Bilbilnama”, “Tezkiretül-ewliýa” kitaplary bolsa Attaryň iň möhüm eserleridir.
Käbir maglumatlarda bolsa XII-asyryň ahyrynda XIII- asyryň başlarynda arap ýurdundan Feridetdin atly bir arap Türkmenistanyň günorta sebitini musulman etmek maksady bilen iberilýär. Netijede, ol öz adamkärçiliginden peýdalanyp, gylyç ulanmazdan, gan dökmezden Mary bilen Hazar aralygynda müňlerçe adamlary musulman edipdir, ol şol bir wagtyň özünde lukman hem bolupdyr. Eýranda bir han aýalyň ýeke ogluny hem bejerýän eken.
Günlerde bir gün mongol ordasynyň ýoly Şyh Attar weliniň üstünden düşýär. Olar Şyh Attaryň halk üçin örän gerekli hem-de hormatlanýan adamdygyny bilip, onuň diri galmagy üçin ýüz müň tümen sorapdyrlar. Emma şol wagt şeýle puly ýygnap bermek mümkin däl. Adamlar Şyh Attara duýdurman işi düzetjek bolýarlar, emma düzedip bilmändirler. Şyh Attar muny eşidip pul tölemeklige garşy çykýar. Netijede mongollar Şyh Attary öldürip geçip gidýärler. Bu habary eşiden eýrandaky han aýal, häzirki ýadygärligiň suwundan başga zatlaryny, ussasyny, kerpijini, reňkini, gumuny ýüzlerçe düýelerde Eýrandan getirip, Şyh Attaryň ýadygärligini gurdurýar. Şol kümmet biziň günlerimize çenli ýetipdir we dag deresinde ýerleşýär. Bu ýadygärlik barada ýene öwrenmeli zatlar örän köp.
Türkmen halkynyň dünýä taryhynda, medeniýetinde we ylmynda öz mynasyp orny bardyr. Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly taryhyna göz aýlasak, olaryň bitiren beýik işlerine şu günki Garaşsyz Türkmenistanyň ýaş nesilleriniň guwanmaga, buýsanmaga, olardan nusga almaga doly haky bardyr.
Taýýýarlan: Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň
taryh mugallymy Akmämmedowa Jahanbibi.