Состоялась конференция по кибербезопасности


Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary okgunly ösüşe eýe bolup, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ulgamlarynyň ählisinde giňden ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenilip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň we durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen hünärmenleri öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we özleşdirmek bilen, diňe bir taýýar çözgütleriňdir nouhaularyň daşary ýurtlardan getirilmegine esaslanýan sanly ulgamy döretmekden däl, eýsem, özleriniň ylmy-tehnologik kuwwatyna esaslanýan nusgasyny döretmekden ugur alýarlar.
Şunuň bilen birlikde, internetiň ählumumy ulgamynyň we kibergiňişligiň beýleki esasy düzüm bölekleriniň işjeň ulanylmagy täze, has çynlakaý howplary döredip biler. Milli “kiberözbaşdaklygy” goramak hem-de zyýanly haker hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanun kabul edildi. Onda strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi we aýratynlygy kesgitlenilýär.
Şol resminamalardan ugur alyp, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň  Meýilnamasyna” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine  ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna“ laýyklykda,  sanly bilimi we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriniň içki Meýilnamasyna laýyklykda  mugallymlar we beýleki işgärler üçin kiberhowpsuzlyk we sanly-ykdysadyýet boýunça maslahat beriş sapagy geçirildi. Geçirilen  sapagyň dowamynda okuw mekdebiniň işgärlerine maglumat howpsuzlugyny üpjin etmegiň has kämil ýollary bilen tanyşdyryldy hem-de maglumatlary howplardan goramagyň usullary üçin degişli maslahatlar barasynda gürrüň edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40