2022 год - «Эпоха народа с Аркадагом»
2021-2022-nji okuw ýylynyň II yarymýyllygynyň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik we tutumly başlangyçlary esasynda her ýyl döwrebap şygar bilen atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere mynasyp goşant goşmak islegini we höwesini şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýilip atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Aşgabat şäheriniň, gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllyk, Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly Baýramlary uly dabaralara beslenilip bellenip geçildi.
Milli Liderimiz halkymyza Täze ýyl gutlagynda: “Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärlere eýe bolmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri höküminde garaýarys” diýip, nygtap belledi. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilim işgärlerine hem örän möhüm we jogapkärli wezipeler degişlidir. Okuw- terbiýeçilik işlerini mazmun we hil taýdan kämilleşdirmek, olaryň täsirligini güýçlendirmek, ýaş nesliň ruhy ahlak hem intellektual derejesini ösdürmek, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň mynasyp, hünärine ökde neslini terbiýelemek bilen bagly öwüt-nesihat işleri hem biziň orta hünär okuw mekdebimizide guralyp durulýar.
2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji okuw sapagy ders mugallymlary tarapyndan çuňňur manyly ýatda galyjy we täsirli bolmagyna uly üns berildi. Talyplaryň bilime we ylma, hünärlere bolan gyzyklanmasyny we höwesini, Watanymyza Arkadag Prezidentimize bolan buýsanjyny, söýgüsini we hormatyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir.