Gyşky hasap-synag döwri başlandy
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde gyşky hasap-synag döwri başlandy
2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-inden Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde gyşky hasap-synag döwri başlandy. Talyp ýaşlar dürli dersler boýunça synaglary tabşyrýarlar hem-de öz alan bilimlerini synaglaryň üsti bilen berkitýärler.
Hasap synag döwri talyp ýaşlaryň diňe aň ukyplary däl-de, eýsem tejribe taýdan hem taýýarlygy ýüze çykarýar. I we II ýyl talyplara öz ugurlary boýunça jemi bäş sany ders boýunça synag tabşyrýarlar. Synag döwri dekabr aýynyň 18-inde tamamlanyp I we II ýyl talyplary gyşky dynç alyşa ugradylar.
Synag döwründe Iň gowy netije görkezen ykdysatçy talyplar höweslendirilýär. Bu bolsa talyplaryň ylym-bilim öwrenmäge bolan ukyplaryny has-da ýokarlandyrýar.