Milli manadym
Bitaraplyk dillerimizde senadyr,
Arkadagym il-günüme penadyr,
Degre – daşy ak mermerli binadyr,
Türkmenistan parahatçylygyň Watany,
Eziz ýurdum ynanyşmagyň Watany.
“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, toýlara, baýramlara beslenýän eziz diýarymyzda, galybersede Balkan welaýatynyň maliýe ykdysady orta hünar okuw mekdebinde milli manadymyzyň dörän güni uly dabara, çykyşlar bilen bellenildi. Mekdebimiziň talyplary puluň taryhy, milli manadyň döreýşi, häzirki wagtda bank ulgamyndaky özgerişler, pul hakda täsin maglumatlar bilen çykyş etdiler.
Pul gadym wagtlardan bäri adamlaryň aň – düşünjesini özüne çekip gelipdir. Awstraliýanyň ykdysadyýetçileriniň hasaplamalaryna görä, tä XX asyryň başlaryna çenli dünýä boýunça pul meselesine degişli 5 – 6 müň ýöriteleşdirilen iş ýazylypdyr. Häzirki wagta çenli bolsa bu san, azyndan iki esse köpelendir.
Eger – de şu sanlardan çak tutsaň, onda puluň nazaryýetine degişli soraglaryň hemmesi üstünlikli çözüläýmeli ýaly. Ýöne bu beýle däl. Puluň köp sanly çylşyrymlyklary onuň nazaryýetiniň adaty bolmadyk ýagdaýy bilen düşündirilýär. Haryda siňdirilen alyş – çalyş ukuplylygy taryhy ösüşiniň dürli döwürlerinde dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar.
Ilkinji şaýlyklar biziň eramyzdan öňki VII asyra degişlidir. Olary Lidiýa diýen grek döwletinde zikgälap başlapdyrlar. Olar altyny hem-de kümüşi tebigy ergininden taýýarlapdyrlar. Gara hem-de Azow deňizleriniň kenarlarynyň tabyn edilmegi (V- asyr ) netijesinde peýda bolan grek şäherleri şaýlyk ýasamak işiniň taryhynda aýratyn orny eýeläpdir.
Şaýlyklaryň peýda bolmagy siwilizisiýanyň taryhynda örän möhüm tapgyrdyr, ol jemgyýetiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşde ýeterlik ýokary derejä ýetenligine şaýatlyk edýär. Pullar pul nyşanlary hökmünde gyzykly hem-de özboluşly taryhy resminama bolup durýar.
1993 – nji ýylyň 1 – nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanşyga girizilmegi taryhy we buýsançly waka boldy. Geçen 28 ýylyň içinde milli pulumyz hümmetini durnukly saklamak, bank işlerini kämilleşdirmek barada köp sanly işler amala aşyryldy.
Milli Liderimiz banklaryň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we döwrebeplaşdyrmagyň, sanly ulgamynyň ornaşdyrylyşyny ýaýbaňlandyrmagyň, müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigini, ýurdumyzda bank ulgamynyň ykdysadyýetini täze sepgitlere çykarmaga mümkünçilik berjekdigini belledi.
Şeýlede Hormatly Prezidentimiz, karz berlişini ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, bank işini guramakda häzirki döwrüň ykdysady ýagdaýlaryny hem – de döwlet ösüşiniň geljegini göz öňünde tutup, innowasion taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Berkarar döwletimizň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de elektron senagatyny ösdürmek, bilen ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ýokary depginli ykdysady netijeler, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Bank ulgamy - milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmäge uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy bahklarda işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hyzmatlaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşlerini (Internet banking”, Mobile – banking) hödürlemäge ýardam berer.
Ýurtda milli sanly ulgamyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ilatyň maddy hal – ýagdaýyny has –da ýokarlandyrmaga oňaýly täsirini ýetirer, nagt däl görnüşli tölegler amala aşyrylanda ykjamlyk we amatlylyk häsiýetleri özünde jemleýän häzirki zaman, amatly we howpsuz gurallary hödürlemäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda "Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna" hem-de "Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna" laýyklykda ilatyň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklygyny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji (Cahs – back) hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan strategik ähmiýetli işleriň depginleri we netijeleri ösüşleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, milli ykdysady özgertmeler, geljegimiz ugrundaky beýik işler rowaçlyklara beslensin. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Taýýarlan : Balkan welaýat maliýe-ykdysady orat hünär okuw mekdebiniň mugallymy Kerwenowa Ogulsuraý