Türkmenistan Halkara Bitaraplyk toýuny toýlaýar


Biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň atalyk aladalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarys. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz baky bagtyýarlygyň, eşretli ýaşaýşyň aýdyň ýolunda nurana geljegimize batly gadamlar bilen, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda giňden belleniljek baýramlaryň seresi-baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna barýarys.
Öz milli däp-dessurlarymyz, milli ýol-ýörelgelerimiz, sungatymyz, hiç bir halkyňka meňzemeýän ajaýyp lybaslarymyz bilen dünýä halklaryny haýrana goýýandygymyz hemmelere mälimdir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde milli köklerimizi ýitirmän, ähli babatda, erkimiz-durkumyz bilen millilige ýugrulyp, myhmansöýerlik, goňşuçylyk däp-dessurlary, watansöýüjilik, halallyk ýaly asylly ahlak kadalaryna wepalylyk duýgusy bilen dem alýan şahyrana, asylzada halkymyz öz Gahryman Arkadagynyň başda durmagynda her bir toýy toý şekilli at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, çar ýana çapar ýollap, oba kendine jar çekdirip toý toýlanda, gelen myhmana toý saçagyny giňden ýazyp,  halat-serpaýlar ýapýar. Halkymyzda bar bolan “Toýdan ýetirsin”, “Toýuňyz toýa ulaşsyn”, “Toýdan topukça” ýaly aýtgylardan ugur alýan merdana halkymyzene-mamalarymyzyň elleriniň yzy galan-toý pişmelerini, gatlamany, çapadyny, külçe ýaly milli tagamlarymyzy, eli süýji aşpezlerimiz bolsa halk döredijiligimiziň birnäçe görnüşlerinde waspy ýetirilen kyrk gulakly toý gazanlarymyzda datly palawy, ysy alyslara burk urýan dogramany bişirip, toýçy märekä bolluk bilen paýlaýarlar. 
Hawa, taryh üçin köp wagt bolmadyk 30 ýylyň içinde halkymyzyň mizemez jebisligi bilen Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklarda uly üstünliklere ýetildi. Ýurdumyz bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, bolelin, rahat we abadan durmuşyň gülleýän mekanyna öwrüldi. Şeýle hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden Türkmenistan döwletimiz daşary syýasatyny örän oýlanyşykly ýola goýdy. Halkara hukugynyň kadalaryna uly hormat goýýan döwletimiz iri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly üns berip gelýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagadýy Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde iki gezek ykrar edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň, rowaçlygynyň we halkyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň biziň ýurdumyza gelip, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde geçirilen sammitinde sözlän sözünde hormatly Arkadagymyzyň “Ilkinji nobatda meniň ygtybarly daýanjym halkym bolar” diýip, her bir çykyşynda öz halkyna bil baglaýan, halkyny ýagty ertirlere bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyz halkara gatnaşyklarynda, ägirt uly ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmekde ýurdumyzda bitirilen we bitirilýän işleriň asyrlara barabardygyny ruhubelentlik bilen belent münberden dünýä halklarynyň Liderleriniň dykgatyna ýetirýär. 
Hawa, biz häzirki taryhy döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň oňyn ösüşiniň bähbidine gönükdirilen işleri amala aşyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny uludan tutup, dünýäde ählumumy parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrmakda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler bilen eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barýarys.
Goý,halkyny ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen öňe alyp barýan parasatly Yurtbaştutanymyzyň dünýä ähmiýetli, halk bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslensin!

Taýýarlan Balkan welaýat  maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Arçikow Ýunus

Paýlaş

Salgymyz:

Balkan w., Gyzylarbat ş., Döwletmämmet Azady köç. 1 "Ç"  jaýy
Balkan r., Gyzylarbat c., D.Azady street 1 CH
Балканский в., г. Кизил-арбат, ул. Довлетмаммет Азады "Ч" 1.  

Telefon belgiler:
(+993 246 5 14 40