Edepli hem çeper türkmen gözeli
2021-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat Serdar şäher bölüminiň gurnamagynda “Edepli hem çeper türkmen gözeli” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary we bilim işgärleri gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýan watanymyz gülläp ösýär. Ol öz gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdan baý medeni mirasymyzyň, Pederlerimiziň pähim-parasadynda jemlenýän milli terbiýämiziň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr.
Geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde maşgala mukaddeslikleri milli ýörelge hökmünde dowam edilýär. Gyzlarymyza berilýän terbiýe milli ýol ýörelgelerden ugur alýar. Çünki milli ýörelgeler ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribeleriniň kämil nusgasydyr. Olary ýaşlaryň aňyna siňdirmek bilen, şol milli ýörelgeleriň nesillerde dowam etmegi gazanylýar. Halkymyzda gyz maşgala ýaşlykdan öýdeçi bolmaklyk, arassaçylyga esewan etmek,ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, el işlerine çeper bolmak, zähmersöýerlik öwredilipdir. On barmagynyň hünäri gyz-geliniň tuwagy saýylypdyr. Bu asylly häsiýetler edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende galdyrýar.
Bu bäsleşik gyz edebiniň kämilleşmegine, olary durmuşa taýýarlamaga ýaşlykdan hünäre ugrukdyrmaga goşant goşmagy maksat edinýär.
Bäsleşik esasy üç sany şertden ybarat bolup oňa jemi 15 sany türkmen gözelleri gatnaşdylar.
Bäsleşikde bilim işgärleri bilen bir hatarda Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň “Maliýe we karz” hünäriniň I ýyl talyby Gurbanowa Orazgül III oruna, “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň I ýyl talyby Durdyjanowa Altynaý III oruna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara Türkmenenisanyň Zenanlar birleşiginiň Serdar şäher bölüminiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.